Oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby
Osmanbek Usmanow

Talyp bolmaklygyň guwandyryjy bagtynyň miýesser edendigine diýseň buýsanýaryn. Türkmenistan diýarymyzyň oba hojalygy Arkadag Prezidentimiziň saýasynda batly gadamlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz daýhanyň ganaty bolan dünýä ülňülerine laýyk gelýän traktorlary, oba hojalyk maşynlary yzygider almak bilen ýurdumyzyň tehniki binýadynyň üstüni yzygider täze tehnikalar bilen doldurýar. Ol tehnikalara bolan gyzyklanma meniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünärini saýlap almagyma itergi berdi. Bu tehnikalar barada öwrenmek, bilmek meniň üçin diýseň busandyryjy. Sapklarda mugallymymyzyň tehnikalar bilen baglanşykly geçýän temalary meni diýseň özüne çekýär. Esasanam mugallymlarymyz dünýädäki has ösüp özgerýän täze tehnikalar barada giňişleýin maglumatlary berende, ol maglumatlar meniň üçin diýseň gyzykly. Men diňe bir okuw sapaklary bilen çäklenmän, eýsem mugallymlarymyň maslahaty bilen mekdebimiziň kitaphanasyndan, welaýat kitaphanasyndan öz geçýän derslerim bilen baglanşykly, şeýle-de çeper edebiýatlary alyp okaýaryn. Ol bolsa öz gezeginde meniň gözýetimimiň giňelmegine, bilmeýän zatlarymy öwrenmäge diýseň ýardam berýär. Sözmi jemläp, biz ýaşlara okamaga, döretmäge şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimize çäksiz minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Goý Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan hem beýläk rowaç bolsun.