Mekdebimiziň okuw işleri

Mekdebimiziň okuw işleri

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy bilen orta hünär okuw mekdebinde ýaşlara döwrüň talabyna laýyklykda ylym-bilim bermek, hünär öwretmek üçin ähli zerur şertler döredilen.

Orta hünär okuw mekdebimizde ýurdumyza getirilýän oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän dünýä belli «CASE», «JOHN DEERE», «KOMATSU», «CATТERPILLER» we «СLAAS» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli häzirkizaman tehnikalarynyň gurluşyny, işleýşini, olara hyzmat edilişini talyplara giňişleýin öwredilýär. Talyplar bilen geçirilýän umumy we amaly okuwlarynyň netijesiniň ýokary bolmagy, talyplaryň okuw meýilnamalaryny doly özleşdirmeklerine uly ýardam edýär.

Mekdebiň kompýuter otaglary häzirki wagtda bitewi bir tor ulgamyna birikdirilip, talyplaryň okuw işleriniň aralyk jemlemeleri, hasap-synag möwsüminde hünär dersleri boýunça synaglar elektron dolandyryjylarda alynýar. Şeýle hem okuw mekdebimiz bilen ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri bilen uzak aralykdan okatmak işi yzygiderli alnyp barylýar. Okuw mekdebiniň kitap gaznasynda 27750 kitap bolup, onuň 22629 sanysy öňki neşir edilen okuw kitaplary, 4625 sanysy häzirki döwrüň okuw kitaplary, 140 sanysy okuw gollanmalary, 336 sanysy syýasy kitaplar bolup, şolardan çeper edebiýatlar 20 sany we mekdebimiziň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan okuw gollanmalary 172 sanydyr. Baý kitaphana gory talyplara, täze tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň täzelikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Okuw mekdebinde ähli hünärler boýunça geçirilýän umumy we amaly okuwlar kompýuter ulgamyna birikdirilen proýektorlaryň kömegi bilen okatmagyň we öwretmegiň täze, häzirki-zaman usullary ulanylyp geçilýär. Bu usul mugallyma sanly ulgam arkaly sapagy gyzykly, täsirli gurnamaga, okuwa berlen wagty tygşytly, netijeli ulanmaga, talyba temanyň maglumatlaryny çuňňur özleşdirmäge, doly ýazgy etmäge ýardam edýär.

Esasy okuwlardan daşary okuw mekdebimizde açylan iňlis, rus, kompýuter sowatlylygyny öwredýän gysga möhletli okuw kurslarynda okuw mekdebimiziň talyplary hem-de mugallymlary bilen yzygiderli okuwlar geçirilýär. Talyplara, rus, iňlis dilleri olaryň hünär aýratynlyklary göz öňünde tutulyp öwredilýär.

Okuw mekdebimiziň talyplarynyň döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp baýrakly orunlary eýelemekleri buýsançly wakadyr. Olar Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen Döwlet bäsleşiginde we internet bäsleşiklerinde ýylyň-ýylyna baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

2020-2021-nji okuw ýylynda orta hünär okuw mekdepleriniň arasyndaky ders bäsleşikleriniň netijesi boýunça okuw mekdebimiziň talyplary Häzirki zaman kompýuter tehnologiýasy dersi boýunça I, II orunlara, Agronomçylygyň esaslary dersi boýunça I, II orunlara, Matematika dersi boýunça III orna, Türkmenistanyň kanunçylygy dersi boýunça III orna, Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň esaslary dersi boýunça III orna eýe bolmagy başardylar. Şeýle-de olar toparlaýyn bäsleşiklerde Türkmenistanyň Bilim Ministriniň okuw dersleri boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde I we II derejeli diplomlaryna eýe boldylar.