SUW GORLARYNYŇ HALKARA GÜNI

Mekdebimiziň Ýer ulanylyşy we Gidromeliorasiýa hünärleriniň talyplarynyň arasynda suw gorlarynyň halkara güni mynasybetli wagyz nesihat çäresi geçirildi. Suwarylýan ekin meýdanlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň häzirki zaman tygşytlaýjy usullaryny ulanmakda hem-de ägirt uly kuwwaty bolan suw desgalaryny gurmakda, olary peýdalanmakda Türkmenistanda uly tejribe toplanandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, suwuň ätiýaçlyk gorlary döredildi, olary tebigy şertlerde arassalamak hem-de häzirki zaman tehnologiýalary arkaly oba hojalyk pudagy, şol sanda täze ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, agaç nahallaryny suwarmak we tehniki hajatlar üçin peýdalanyp bolar.

Häzirki wagtda suw pudagynda öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak, suw serişdeleriniň netijeli we rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin amala aşyrylýan çäreler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy P. Baýjikow