Nazary okuwlar önümçilik bilen baglanyşdyrylýar

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ylym-bilim almak almak her bir talyp ýaşlaryň mukaddes borjy bolup durýar. Ylymly-bilimli ýaşlary bolan döwlet bolsa kuwwatly döwlet hasaplanýar. Hut şu nukdaý nazardan hem Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäri boýunça bilim alýan ýaşlaryň ylmy garaýyşlaryny artdyrmak we alýan bilimlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, talyp ýaşlaryň nazary bilimleri önümçilik bilen berk baglanyşdyrylýar. Talyp ýaşlar önümçilik işleriniň alynyp barylýan ýerlerinde, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň oba hojalygynyň tehniki binýädynyny kämilleşdirip, yzygider alyp berýän tehnikalarynyň arasynda bolmak bilen, nazaryýetde alan bilimlerini önümçilikde hakyky iş ýüzünde görýärler. Her bir geçilýän dersiň nähili ähmiýetlidigine aýdyň göz ýetirýärler.

Okuwlaryň şeýle gurnalmagy talyp ýaşlarda öz saýlap alan hünärlerine bolan höwesi hem-de okuw sapaklaryna bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar. Şeýle-de olar nazaryýetde alan bilimlerini berkidýärler hem-de özleriniň saýlap alan hünärleriniň tehnika üçin nähili wajypdygyna magat göz ýetirýärler.

Talyplar saýlap alan hünärleriniň diňe bir tehnika üçin däl-de eýsem kuwwatly Watanymyz we onuň gelejegi üçin hem zerurdygyna göz ýetirýärler. Okuwlaryň şeýle guralmagy talyp ýaşlaryň dünýägaraýyşyny has-da artdyrýar.

Talyp ýaşlar okamaga, öwrenmäge, döretmäge şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz çuň minnetdarlyklaryny bildirýärler.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy D.Weliýew