Elektron kitaphana

2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Kompýuter tehnologiýasy dersleri usuly birleşmesiniň gurnamagynda mekdebimiziň kitaphanasynda talyp ýaşlar bilen elektron kitaphana bilen işlemek boýunça seminar geçirildi. Çäräniň dowamynda elektron kitaphanalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri, olardan peýdalanmagyň ähmiýetli taraplary, wagtyňy hem-de çykdajyňy tygşytlamakdaky amatlyklary barada giňişleýin gürrüň edildi.

Geçirilen çärede elektron kitaplaryň talyp ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda bilim beriş derejesini çuňlaşdyrmak bilen bagly birnäçe çykyşlar edildi. Çäräniň dowamynda, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Geldimurat Jumamuradow