Sanly bilim kontentini işläp düzmek

2024-nji ýylyň 3-nji fewralynda mekdebimiziň Kompýuter tehnologiýasy dersleri usuly birleşmesiniň gurnamagynda “Sanly bilim kontentini işläp düzmek” atly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalry esasynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi, sanly bilimi ösdürmek boýunça alynyp barylýan uly işler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Geçirilen çärede mekdebimiziň ussat mugallymlarynyň alynyp barylýan işlere jogap hökmünde, talyp ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda bilim beriş derejesini çuňlaşdyrmak bilen bagly birnäçe çykyşlar edildi. Ýatda galyjy bu çäre gatnaşyjylary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär mekdebinň

Kompýuter tehnologiýasy dersleri

usuly birleşmesiniň mugallymy Umyt Kuläýew