“Akyl giňişligi” bäsleşigi

Bütin dünýäde howanyň üýtgemegi, ozon gatlagynyň weýran bolmagy, çölleşmek howpy, agyz suwunyň ýetmezçilik etmegi, daşky gurşawyň hapalanmagy, ösümlikleriň we haýwanlaryň biologiki taýdan köpdürlüliginiň kemelmegi bilen baglanyşykly meseleler hem-de töwekgelçilikler häzirki döwrüň çylşyrymly hem-de möhüm meselesi bolup durýar. Şol meseleleri çözmek diňe dünýäniň ähli ýurtlarynyň jebisleşip gatnaşan mahaly mümkindir.

Daşky gurşawy goramak babatda halkara derejesinde goşulyşmak hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolupdy, şeýle bolup durýar we şeýle bolmagynda galar.

Häzirki döwürde dünýäde halkara guramalarynyn onlarçasy hereket edýär. Olaryň in abraýlysy BMG-dir. Onuň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan halkara guramalary bar. Daşky gurşawy go¬ramak meseleleriniň çözülmeginde hem BMG-niň ençeme halkara guramalarynyň orny uludyr.

Welaýatymyzda geçirilen “Akyl giňişligi” bäsleşigi hem BMG tarapyndan gurnalyp ekologiýa babatda boldy. Bu bäsleşige mekdebimiziň talyplary öz üstünlikleri bilen tapawutlandylar. 1-nji baýrakly ornuna mynasyp bolan ýygyndy komandamyzyň agzalaryny belläp geçesim gelýär:

  • Altyýew Guwanç
  • Nurgeldiýewa Aýnur
  • Ahmedow Hudaýnazar
  • Kulmetow Zafar
  • Güjikowa Aýnur
  • Madjanow Döwletmyrat
  • Matdakowa Selbi

“Arkadag Serdarly bagtyyar ýaşlar ýyly” bu talyplarmyza buýsançly ýyl bolup, mundan beýläk hem olara üstünlik hemra bolsun!

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: E. Atabaýewa