Saglygym-baş baýlygym

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny, nesil saglygyny gorap saklamak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek we ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak maksady bilen talyp gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çärämize 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Maral Hojaýewa çykyş edip Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwrinde zenanlara goýulýan ýokary hormat, olaryň hukuk taýdan goraglylygy, ykdysady, durmuş-syýasy ýagdaýlarynyň, jemgyýetdäki we maşgaladaky mynasyp orunlaryň kesgitlenmegi mukaddesliklerimize, türkmen däp-dessurlaryna esaslanýar. Türkmen zenanlaryna bagtyýar ýaşamaga, arkaýyn işlemäge, maşgala gurmaga ,perzent terbiýelemäge döwlet tarapyndan ähli hukuklar, goldawlar berilýär we mümkinçilikler döredilýär.

Ata Watanymyzyň häzirki ösüş döwründe amala aşyrylýan giň gerimli işlerde gazanylýan uly üstünliklerde zenanlarymyzyň saldamly goşandy bardyr. Olar jemgyýetimizde düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda kabul edilen maksatnamalarymyzyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döredijilikli we tutanýerli zähmet çekýärler. Bu gün zenanlarymyz ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly belent duýgulary terbiýelemekde, jemgyýetimiziň mizemez agzybirligini, jebisligini hem-de dost-doganlygyny berkitmekde nusgalyk görelde görkezýärler diýip belläp geçdi.

Sagdyn nesli kemala getirmek, oňa terbiýe bermek maşgalanyň baş maksady hasaplanylýar. Sagdyn maşgalada önüp-ösen sagdyn nesil bolsa döwletimiziň geljegi.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenler ,,Maşgalam-baş galam“ diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Sebäbi ähli bagtyýarlyk öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Hut şonuň üçin hem, goý, her bir öýde, her bir maşgalada jan saglyk, agzybirlik hem asudalyk, ajaýyp sazlaşyk höküm sürsün!” diýen sözleri maşgalalaryň bagtly, nesilleriň sagdyn bolmagy ugrunda edilýän uly aladadan nyşandyr.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: N. Kakabaýewa