Jemgyýetiň öňe ilerlemeginiň, edep-terbiýäniň çeşmesi-kitap

Şu ýylyň oktýabr aýynyň 14-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň, welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikdäki “Kitap okamak-dünýä düşünmek” atly yglan edilen biraýlygyň çäklerinde “Jemgyýetiň öňe ilerlemeginiň, edep-terbiýäniň çeşmesi-kitap” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde, Didar Osmanow-TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy,welaýat halk maslahatynyň agzasy kitap hakynda hususanda talyp-ýaşlara edep-terbiýe mekdebi hökmünde birnäçe gyzykly gürrüňler aýtdy.

Şeýle hem Daşoguz welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülnar Begmyradowa öz çykyşynda welaýatymyzyň merkezi kitaphanasyndaky kitaplar gorunyň gerimi barada gürrüň berdi.

Mekdebimiziň Agronomçylyk hünäriniň 101-nji toparynyň talyby Aýgözel Pyhyýewa hem öz ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Maksat Haýydow