“Saýra milli dutarym, aslyň seniň agaçdandyr”

“Saýra milli dutarym, aslyň seniň agaçdandyr” atly aýdym sazly dabaraly maslahat

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe “Halkyň arkadagly zamanasy” ýylynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşinde, Daşoguz şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde “Saýra milli dutarym, aslyň seniň agaçdandyr” atly aýdym sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, bagşy-sazandalar hem-de dutar senetçiliginiň ussatlary gatnaşdylar. Dabarany okuw mekdebimiziň talyplary

Buýsanç bilen çapar ýollar çar ýana,

Toý toýlaýas älem galýar haýrana,

Owal-ahyr hemram gazma dutara,

Täze döwran doldy, Arkadagymyz !

diýip ajaýyp şahyrana setirler bilen açyp dabara gatnaşyjylara söz berdiler. Myhmanlar bilen gyzykly gürrüňdeşlikden soň dabaraly maslahatyň soňy aýdym-sazlara beslendi.

Dabara gatnaşyjylar ata-babalarymyzdan gelýän milli senetçiligi, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmäge, ösdürmäge ak ýollary açan Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Türkmen oba hojalyk instituytynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy

P.Ýegennazarow