Sport sagdynlygyň binýady.


Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimiziň talyp oglanlarynyň arasynda “Sport sagdynlygyň binýady” ady bilen sportyň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Bu ýaryş 21 toparyň arasynda geçirilip, mekdebimiziň Maglumat ulgamlary hünäriniň 2-nji ýyl talyp oglanlary Mätýakubow Döwlet, Nuryýew Dessan, Haýtbaýew Faýzulla, Pirmedow Daýanç, Gurbanow Şöhrat 1-nji orna, Weterinariýa hünäriniň 2-nji ýyl talyp oglanlary 2-nji orna, 3-nji orna bolsa Weterinariýa hünäriniň 1-nji ýyl talyp oglanlary mynasyp boldular. Çekeleşikli geçen ýaryşyň ýeňijilerine mekdebimiz tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ynsan saglygy döwletiň baýlygy hasaplanýan ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

mugallymy: Yhlas Allabergenow