“Edep bilen eziz siz, haýa bilen beýik siz’’ atly geçirilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde zenan mugallymlar we talyp gyzlar bilen “Edep bilen eziz siz, haýa bilen beýik siz’’ atly geçirilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny, nesil saglygyny gorap saklamak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek we ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak maksady bilen talyp gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda zenanlara goýulýan ýokary hormat, olaryň hukuk taýdan goraglylygy, ykdysady, durmuş-syýasy ýagdaýlarynyň, jemgyýetdäki we maşgaladaky mynasyp orunlaryň kesgitlenmegi mukaddesliklerimize, türkmen däp-dessurlaryna esaslanýar. Türkmen zenanlaryna bagtyýar ýaşamaga, arkaýyn işlemäge, maşgala gurmaga, perzent terbiýelemäge döwlet tarapyndan ähli hukuklar, goldawlar berilýär we mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenler "Maşgalam-baş galam“ diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Sebäbi ähli bagtyýarlyk öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Hut şonuň üçin hem, goý, her bir öýde, her bir maşgalada jan saglyk, agzybirlik hem asudalyk, ajaýyp sazlaşyk höküm sürsün!” diýen sözleri maşgalalaryň bagtly, nesilleriň sagdyn bolmagy ugrunda edilýän uly aladadan nyşandyr.

Zenanlar guramasynyñ

başlygy N.Kakabaýewa