Wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

2021-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda beren öwüt-nesihatlary, 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçiren Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan netijeler, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy meseleleri barada eden taryhy çykyşynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça talyplaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz nesihat duşuşygynda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow söz gezegini alyp, talyp ýaşlara 1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň daşary syýasaty barada “Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur. Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem Bitaraplygymyzyň parahatçylygy goldamakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň tassyklaýar” diýip belläp geçen sözlerini mysal getirmek bilen, talyp ýaşlara giň düşünje berdi.

Wagyz nesihat duşuşygynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary Amanmät Agamedow, Mekan Taýjanow dagylar çykyş edip, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda beren öwüt-nesihatlary, 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçiren Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan netijeler, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler barada talyp ýaşlara giňişleýin düşünje berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, mekdebiň ilkinji demokratik partiýa guramasynyň başlygy Baýram Kulmuratow söz gezegini alyp, Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynda beren öwüt-nesihatlaryndan: “Durmuşda ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar. Äpet ýer togalagynyň Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän Türkmenistan biziň eziz Watanymyzdyr, ata-babalarymyzdan miras galan we soňky nesillere galjak bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize bagly” diýen ajaýyp sözlerini mysal getirmek bilen, talyplarda uly täsir galdyrdy.

Mugallym Halk Maslahatynyň kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan ýokary döwlet edaralarynyň ulgamyna goşulýandygyny, bu kanun çykaryjy wekilçilikli edaranyň iki palataly gurluşdan ybaratdygy barada hem-de 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk ýyllary içinde durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen gazanylan netijeler barada aýdanlaryny talyplara giňişleýin düşündirdi.

Wagyz nesihat çäresini talyplarda uly täsir galdyrmak bilen, duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, il ýurt bähbitli tutýan tutumlarynyň mundan hem beýläk rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

TOHI – niň Daşoguz agrosenagat orta

hünär okuw mekdebiniň mugallymy D.Weliýew