Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary ýatlap,Hatyra güni bellenilýär.Şu sene mynasybetli,ýurdumyzyň ähli ýerlerinde aýat- töwir okalýar,sadakalar berilýär.Hatyra gününde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilip,erkinligimiz,bagtyýar durmuşymyz üçin şirin janlaryny gurban eden ata- babalarymyz hatyralanyp,ýatlanyp geçilýär.
Türkmen halkynyň taryhynda kynçylykly we betbagtçylykly wakalar kän boldy, ýöne türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjine ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr. 77 ýyl ozal tebigy betbagtçylyk Aşgabady düýbünden weýran edip, öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar etdi. Tebigy betbagtçylyk zerarly ömür tanapy kesilen watandaşlarymyzyň atlary hakydamyzda baky galar. Güýçli sarsgyn bilen sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol gijede diri galanlar batyrlyk, tutanýerlilik, gaýduwsyzlyk görkezdiler.
Häzirki wagtda Aşgabat ak mermer şähere öwrüldi. Paýtagtymyzyň täze keşbinde ata-babalarymyzyň, ýurdymyzyň ýagty geljegi türkmen halkynyň geljek nesilleriniň bagtly ykbaly baradaky arzuw-umytlary jemlenýär. Halkymyz Watana wepaly gulluk etmegiň mizemez nusgasy bolanlaryň öňünde baş egýär, aramyzda ýaşap ýören gahrymanlar- weteranlar we söweşlerde wepat bolan esgerleriň uly üns-alada bilen gurşalýar. Hatyra güni milletimizi birleşdirýär we jebisleşdirýär. Öten-geçenleri ýatlamak dessury türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer ýörelgeleriniň hatarynda aýrylmaz orun eýeleýär.
Biz hem Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary bilen Hatyra güni mynasybetli talyplara nusgalyk mekdep hökmünde taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelençleri guradyk. Muzeýde geçmişimizde ata-babalarymyzyň ulanan esbaplary, gurallary hasda giňişleýin öwrendik.
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy,
Zenanlar guramasynyň başlygy Merjen Gaýypowa