PEDERLERIŇ ÝOLY KÄMIL ÝOL: HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÄHMIÝETI ATLY HOŞALLYK MASLAHATY.

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen çözgütleri we öňde goýlan belent wezipeleri gyzgyn goldamak hem-de talyp ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi. Mekdebiň Ýaşlar guramasy tarapyndan guralan bu çärä mugallymlar, talyp ýaşlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri uly işjeňlik bilen gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişini, aýratyn-da agrosenagat toplumy üçin ýokary hünärli, döwrebap ýaş hünärmenleri taýýarlamakda döredilýän giň mümkinçilikleri aýratyn nygtadylar.

Çäräniň dowamynda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Ýaşlar guramasynyň wekili Orazowa Aýgözel dabaraly çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Halk Maslahatynyň taryhy kararlarynyň talyp ýaşlaryň göwünlerini galkyndyrandygyny we ylym-bilim ýolunda täze üstünliklere ruhlandyrandygyny aýtdy. Aýgözel ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermekde döredýän ähli şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza bütin talyp ýaşlaryň adyndan çäksiz minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem çärede Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň wekili Orazow Dessan çykyş edip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny sanly ulgama geçirmek, professional derejede ösdürmek we kämilleşdirmek ugrunda öňde goýlan maksatnamalaryň ähmiýetine ünsi çekdi. Dessan oba hojalyk pudagynyň geljeginiň hut häzirki okaýan ýaş hünärmenleriň bilimlerine we zähmetine baglydygyny aýdyp, talyp ýaşlary bu ugurda has-da yhlasly bolmaga we Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga işjeň goşant goşmaga çagyrdy.

Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylymly-bilimli, ýokary hünärli we watançy ýaşlary kemala getirmek ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy,

Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy

Aýgözel Orazowa