Bilimli Ýaşlar – agrosenagat ulgamynyň ynamly geljegi!

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda her ýylyň 1-nji sentýabry – Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde uly şatlyk hem-de dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk diňe bir täze okuw ýylynyň başlangyjy bolman, eýsem ýaşlaryň ylym-bilime, kämil hünäre bolan höwesini artdyrýan ilkinji batly ädimdir. Agrosenagat ulgamynda kämil hünärmenleri ýetişdirmek Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimiz ýurdumyzyň oba hojalyk we senagat ulgamyna ukyply, kämil we hazirki zaman tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda uly zähmet çekýär. Bu ýerde bilim alýan talyplarymyz Watanymyzyň obasenagat toplumyny täze sepgitlere ýetirmekde möhüm orun eýeleýärler. Teoriki bilimler bilen birlikde amaly endikleri özleşdirýän ýaşlarymyz gelejegimiziň berk binasydyr. .

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň mekdebimizdäki ilkinji guramasy hökmünde biziň esasy wezipämiz – ýaşlary Watana söýgi, zähmetsöýerlik, halallyk we belent maksatlara ymtylmak ruhunda terbiýelemekdir. Talyplarymyzyň jemgyýetçilik işlerinde işjeň bolmaklary, döredijilikli we ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. .

Täze okuw ýylynyň başlamagy bilen, ähli kärdeş mugallymlarymyzy, arzyly talyplarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn! Mugallymlarymyza ýaş nesle bilim hem-de terbiýe bermekde uly üstünlikleri, talyplarymyza bolsa okuwlarynda diňe ýokary görkezijileri gazanmaklaryny arzuw edýärin. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çunnur sagbolsun aýdýarys.

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy,

Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy

Aýgözel Orazowa