“Ata-enäniň bahasy bolmaz, kümüş-gyzylyň könesi”

Berkarar Watanymyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak edep-terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek her bir adamyň öňünde durýan esasy wezipedir. Türkmen halky gadymy halk, onuň däp-dessurlary, edim-gylymlary, edep-terbiýesi gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Ata-babalarymyz maşgala mukaddesligi, çagalarynyň edep-terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi babatda nusgalyk ýoly miras goýupdyrlar. Türkmen maşgalasynda ata-enä, Watana, topraga bolan hormat uludyr. Edep-terbiýäniň ilkinji düzgünleri maşgalada öwredilýär. Ata-ene perzendiň «durmuş halypasy» hasaplanýar. Pähimdar ata-babalarymyz terbiýeli çagany miweli baga meňzedipdirler. Terbiýeli perzent, göýä miweli daragt ýaly, ile-güne hemaýat saýasyny salýar. Çaga dünýä inen gününden başlap, onuň ilkinji terbiýeçisi hem-de iň ygtybarly maslahatçysy ata-enesidir. Ulularyň göreldesi çagalaryň ruhy taýdan ösüşine täsir edýär. Çagalar ata-eneleriniň aýnasydyr. Ata-ene çagasyny ýagşy ýola ugrukdyryp, wagtyny gowy işlere sarp etmegi öwreden halatynda, perzentde kämillik endikleri terbiýelenýär. Şu ýerde çaga ýaşyna görä gowy terbiýe bermek zerurdyr. «Çagany ýaşdan...» diýlişi ýaly, ata-ene ýaman bilen ýagşynyň tapawudyny, hormat-sylagy, ata Watanyňa söýgüni, gowy häsiýetleri öwretmeli. Çaga mydama eşiden zadyndan, gözi bilen gören zadyny has gowy ýadynda saklaýar. Çagalar ata-enäniň, golaýyndakylaryň özara gatnaşyklaryndaky biri-birine goýulýan sarpa, hormata, mylaýymlyga, hoş sözlilige ünsli bolýarlar, olara meňzemeklige ymtylýarlar. Bu bolsa ynsanda ýagşy gylyklaryň döremegine getirýär.Biz hem Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugalymlary bolup, mekdebimiziň talyp ýaşlarymyza wagyz – nesihat, öwüt – ündew bermek maksady bilen Türkmenistanyň il ýaşulysy Arazmyradow Ýazmyrat Hajy agamyzy, hem-de psihator lukmany Saryýew Garly agany çagyryp talyp ýaşlarymyza edep – terbiýe barada wagyz – nesihat işleri geçirildi. .

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Sanly ulgama jogapkär mugallym:Garlyýew Wepa