Telekeçilik-ösüşiň hereketlendiriji güýji

Telekeçilik häzirki döwrüň in möhüm ykdysady ugurlarynyň biridir. Ol diňe bir girdeji gazanmagyň serişdesi bolman,eýsem jemgyýetiň ösüşine itergi berýän esasy güýçleriniň biri hökmünde çykyş edýär.Telekeçilik täze ideýalary durmuşa geçirip, täze iş orunlaryny döredýärler we ykdysadyýetiň ösüşine uly goşant goşýarlar. Telekeçilik- bu özbaşdak iş alyp barmak,täze mümkinçilikleri gözlemek we töwekgelçiligi öz üstüne almak arkaly girdeji gazanmakdyr.Telekeçi adam döredijilikli,işjeň we öňe gitmäge çalyşýan bolmaly.Sebäbi bu ugur diňe bir bilim däl, eýsem güýçli erki we sabyrlylygy hem talap edýär.Häzirki wagtda telekeçilik dürli ugurlarda ösdürilýär. Söwda,hyzmat, önümçilik tehnologiýa ýaly pudaklarda telekeçiler öz işlerini alyp barýarlar. Şeýle hem kiçi we orta telekeçilik aýratyn ähmiýete eýe bolup ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün edýär.Üstünlikli telekeçi bolmak üçin birnäçe möhüm häsiýetler gerek. Ilki bilen telekeçi maksatly bolmaly,we öz öňünde goýlan wezipelere ýetmek üçin yzygiderli zähmet çekmeli. Şeýle hem aragatnaşyk ukyby täze ideýalary döretmek ukyby we töwekgelçilikden gorkmazlyk möhüm aýratynlyklardyr. 2026-njy ýylyň mart aýynyň 30-da TSTB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň mejlisler zalynda TSTP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň, TSTB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň hem-de “Agro işewürlik merkeziniň” guramaçysy E.Welmedowyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklygynda, Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda telekeçiler üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde alnyp barylýan işleri wagyz etmek maksady bilen “Hormatly Prezidentimiziň agro telekeçiligi ösdürmäge gönükdirýän başlangyçlary uly ösüşlere beslenýär” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu wagyz-nesihat çäresine TSTP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Didar Osmanow, TSTB-niň “Telekeçiler mekdebi” JBK-nyň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni Ýedibaý Baýramdurdyýew dagylar talyp ýaşlara esasy nobatda nygtalýan telekeçilik işiniň ýurdumyzda ýokary derejede üns merkezindediginiň şeýle hem bu işiň aglaba bölegini ýaşlardan ybaratdygy barada öz çykyşlarynda giňişleýin düşünjeleri berdiler. Bu ýygnagyň dowamynda myhmanlar biziň Daşoguz welaýatymyzyň telekeçileriniň alyp barýan işleri we öndürýän önümleriniň halk köpçüliginde uly seslenmeleri döretýändigi we uly ösüşlere badalga boljakdygy barada getirilen mysallaryň üsti bilen has-da giňişleýin beýan etdiler. Telekeçiligi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Sanly ykdysadyýet hünäriniň 1-nji ýyl talyby Sähragül Nazarowa