Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy ýyly Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan - Bedew Batly At-myradyň mekany ýyly her güni diýen ýaly toýdyr baýramlara beslenýär. 8-nji Mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň aýal gelin-gyzlaryna 60 manat möçberde pul sowgatlarynyň gowşurylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Türkmen halkynyň aýal gyzlaryna goýýan hormat sylagyň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Taryha ser salsaň hem türkmen halky gelin - gyzlara bolan hormaty sylagy aýratyn oruna eýedir. Şu ýylyň 4-nji mart güni hem Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde, zenan mugallymlarymyza, talyp gelin-gyzlarymyza dabaraly ýagaýda Hormatly Prezidentimiziň adyndan 60 manat möçberde pul sowgatlary gowşuryldy. Biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Maglumat ulgamalary we programirlemek
hünäriniň I ýyl talyby
Atanýazowa Nurbibi