Güýz paslynyň waspçysy G.Ezizowyň döredijiligine bagyşlanan medeni çäre

Daşoguz Agrosenagat Orta hünär okuw mekdebiniň talyplary bilen Daşoguz welaýat kitaphanysynda Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň biri bolan Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe bagyşlanyp medeni çäre geçirildi. Çäräniň çäginde şahyryň eserleri goşgylary barada birnäçe söhbetdeşlik geçirildi. Şahyryň goşgylarynda esasanam türkmen tebigatynyň gözelligi güýz paslynyň özboluşlylygy hakynda pikirler öňe sürülýär. Gurbannazar Ezizow XX asyr türkmen edebiýatynda özboluşly yz goýan şahyrlaryň biridir. Onuň eserleri häzirki döwürde hem halkyň gyzgyn söýgisine mynasyp bolyp durýar. Şahyryň goşgylary türkmen edebiýatynda hem türkmen halkynyň arasynda hem ölmez ýitmez özbolyşly oruna eýedir.

Daşoguz Agrosenagat Orta hünär okuw mekdebiniň
Maglumat ulgamlary we programmirlemek hünäriniň I ýyl talyby
Atanýazowa Nurbibi.