Daşoguz welaýatynyň Miwe oba hojalyk senagat birleşigi – ösüşiň we bereketiň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bilim ulgamyny halkara derejelere laýyk getirmek maksady bilen, bu ugurda yzygiderli Permanlardyr, kararlaryň kabul edilmegi, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk derejede pikirlenýän ökde hünärmenleri taýýarlamaga giň ýol açyldy. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň “Agroişewürlik merkezi” – niň gurnamagynda şeýle-hem mekdebiň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda, Daşoguz welaýatynyň Miwe oba hojalyk senagat birleşiginiň işgärler bölüminiň hünärmeni Tumanow Daýanjyň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda talyplara okuw sapagy gurnaldy. Munda esasan, Türkmenistanyň oba hojalyk pudagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamda netijeli zähmet çekýän kärhanalaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň Miwe oba hojalyk senagat birleşigi aýratyn orun eýeleýär. Birleşik welaýatda miweçilik we gaýtadan işleýän önümçilik ugruny ösdürmekde uly işleri alyp barýar. Ýerleriň netijeli peýdalanylmagy, döwrebap agrotehniki usullaryň ornaşdyrylmagy hem-de mümkinçilik berýär. Şeýle hem bagçylyk meýdanlarynyň giňeldilmegi we täze nahal görnüşleriniň ekilmegi öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrýar. Birleşigiň esasy maksady – içerki bazary ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa miwe önümleri bilen üpjün etmek hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Şol bir wagtyň özünde, ýerli ilaty iş bilen üpjün etmek arkaly sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine hem mynasyp goşant goşulýar. Soňky ýyllarda sowadyjy ammarlaryň gurulmagy we saklaýyş şertleriniň döwrebaplaşdyrylmagy önümleriň uzak möhletleýin saklanylmagyna mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýylyň ähli paslynda bazarlary täze miwe önümleri bilen üpjün etmäge şert döredýär. Miwe oba hojalyk senagat birleşiginiň alyp barýan işleri ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Bu kärhana diňe bir önüm öndürmek bilen çäklenmän, eýsem ýokary hilli önümçiligiň, zähmetiň we ösüşiň nusgasyna öwrülýär.

Türkmen oba hoalyk institutynyň
Daşoguz agrosenegat orta hünär okuw
Mekdebiniň mugallymy: Welmedow Eziz