“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen 2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, sanly bilimi has-da ösdürmekde döwletimiziň nurana geljegi bolan ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň bilim hem beden taýdan sazlaşykly ösüşini yzygiderli kämilleşdirmekde ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Bedew bady bilen ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan berkarar Watanymyzyň dünýäni haýran galdyryjy galkynyşlaryny hem-de ähli ugurlarda gazanylýan beýik ýeňişlerini dabaralandyrmak, diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şöhratyny mundan beýläk-de beýgeltmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkara abraýyny artdyrmak, ýaş nesli Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak, amala aşyrylýan ägirt uly, bedew batly beýik ösüşleriniň, taryhy özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2025-nji ýylyň 26-njy dekabryndaky Karary bilen 2026-njy ýyl “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edildi.

Ilkinji okuw sapagynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabyndaky bütin dünýäde parahatçylygy hem ynanyşmagy döwlet syýasatynda esasy ýörelge edinýän, goldaýan ata Watanymyz Türkmenistanyň abraý-mertebesi Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň mukaddesligi, türkmen halkynyň gadymdan gelýän agzybirlik däpleriniň, ylalaşykly dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dowam etdirilişi, ýaşlaryň watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemeginiň zerurlygy baradaky paýhasly jümleleriň esasynda bilim terbiýeçilik we wagyz-nesihat häsiýetli söhbetleri guramaga aýratyn we möhüm ähmiýet berildi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Mekan Annaýew