Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlary bilen birlikde, telekeçilik pudagy hem birnäçe ösüşler gazanylýar. Arkadagly gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda agrar pudagyň işi has-da döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem telekeçilik işi giň gerime eýe bolýar. Şonuň netijesinde oba hojalyk önümlerinden taýýar önümleri öndürmäge niýetlenen zawod-fabrikler, ýyladyşhana toplumlary, dürli ekinleri ösdürip ýetişdirýän daýhan hojalyklary döredildi. Döwletimiz tarapyndan döredilen ýeňillikleriň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygy doly üpjün edildi. Ýurdumyzyň agrar pudagyny ösdürmekde telekeçiligiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak wajyp ähmiýete eýedir. Bu ugurda ýaş telekeçileriň alyp barýan işleri uly orny eýeleýär. Munuň şeýledigine 2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde “Ýaşlar telekeçiliginiň” milli ykdysadyýetdäki orny atly onlaýn görnüşindäki geçirilen ylmy-amaly maslahaty şaýatlyk edýär. Bu maslahata, Daşoguz welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mekdebiň talyplary we mugallymlary, Aşgabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Lebap welaýatynyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem işeňňir gatnaşdylar. Bu ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady ýaşlara telekeçilik pudagynyň milli ykdysadyýetdäki orny barada düşündirmek şeýle hem bu uguryň ýaşlara gelejekde öz bilim alýan ugurlary bilen bilelikde has-da kämilleşmeklerinde uly itergi berjekdigini düşündirmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň umumy ilatynyň 50 %- den gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Şoňa laýyklykda oba hojalygynda telekeçiligiň ösdürilmegi oba ýerlerinde ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Oba hojalygynda ýaşlaryň telekeçilik bilen meşgullanmagynyň örän çuň taryhy kökleri bar.”Ýaşlar telekeçiligi” adalgasynyň taryhy nukdaýnazardan peýda bolanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, durmuş-ykdysady we tehnologik şertleriň täsiri astynda onuň diňe adynyň üýtgändigi barada käbir alymlar öz pikirlerini öňe sürýärler. Ýaşlar telekeçiliginiň taryhynda iň uly öwrülişik tehnologiýa asyry bilen geldi.Bilesiňiz gelýän bolsa, Bill Geýts (Microsoft), Stiw Jobs (Apple) we soňra Mark Zukerberg (Facebook) ýaly şahsyýetler öz kompaniýalaryny gaty ýaş wagtynda (student döwürlerinde) döretdiler. Bu ýagdaý "Ýaş telekeçi" häsiýetini düýbünden üýtgetdi. Öň telekeçi diýlende "tejribeli, orta ýaşly adam" göz öňüne gelýän bolsa, indi "kompýuteriň arkasynda oturan, innowasion pikiri bolan ýaş oglan-gyz" göz öňüne gelip başlady. "Startup" düşünjesi ýaşlar bilen baglanyşdyryldy. Global gün tertibine girmegi (2000-nji ýyldan soň):XXI asyrda BMG (Birleşen Milletler Guramasy), Halkara Zähmet Guramasy we Bütindünýä Banky ýaly guramalar "Ýaşlar telekeçiligini" durnukly ösüşiň esasy faktory hökmünde ykrar etdiler. Olar muny diňe pul gazanmak däl, eýsem garyplygy azaltmak we innowasiýalary ösdürmek üçin wajyp hasapladylar. Türkmenistanda ýaşlar telekeçiliginiň taryhy:Biziň ýurdumyzda bu ugur Garaşsyzlyk ýyllarynda (1991-nji ýyldan soň) emele geldi we bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen ösdi.Ilkinji ädimler: 90-njy ýyllarda ýaşlar köplenç "çelnok" söwdasy (getir-sat) bilen meşgullandylar.
Häzirki döwürde, soňky 10 -15 ýylyň dowamynda döwlet tarapyndan ýaş telekeçilere uly goldaw berilýär. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky kanunlar, "Ýaşlar barada döwlet syýasaty" hakyndaky Kanunyň rejelenen görnüşi (2022) ýaşlaryň biznes bilen meşgullanmagyna (salgyt ýeňillikleri, karzlar) giň ýol açdy. Häzir türkmen ýaşlary diňe söwdada däl, eýsem , oba hojalygy, önümçilik we hyzmatlar ulgamynda işjeňleşýär.Ýaşlar telekeçiliginiň taryhy – bu ýönekeý hünärmentçilikden başlap, dünýäni üýtgedýän innowasion startuplara çenli bolan "ewolýusiýa" (ösüş) ýoludyr.
Telekeçiligi goldap, barha ösdürýän, söwda işini amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiň mugallymy, Agroişewürlik merkeziniň guramaçysy: E.Welmedow