Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Ýyldyz Nuryýewa

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesil hakynda edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini berýär. Olaryň okamagy, döwrebap bilim almagy, döwrüň ösen sanly ulgamyndan — innowasion tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň geljegi bilen bagly ähli möhüm meseleleri hemişe özüniň üns merkezinde saklaýandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Munuň aýdyň mysalyny golaýda ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen möhüm ähmiýetli çärelerde hem görmek bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uly ruhubelentlige beslenen şol baýramçylyk gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygy oňa gatnaşan ýaşlaryň durmuşyndaky ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biri boldy. Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde guralan duşuşykda milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hemde we zipeleri barada umumy sapak geçdi. Şonda Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de ba şarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende galmagyna bagyş etmelidir» diýip belläp geçdi hem-de uly höwes bilen okamagy, öwrenmegi, döretmegi bagtyýar ýaşlarymyzyň borjy hasaplaýandygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň bildirýän belent ynamy ýaşlar üçin üstünliklere ruhlandyrýan güýç, özleriniň ukyp-başarnyklary, zehinleri bilen Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine saldamly goşant goşmaklarynda ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.