Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagatorta hünär okuw mekdebiniň önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy
Döwran Alawow

Hormatly Prezidentimiziň: ,,Watan söýüji, giň düşünjeli, ynsanperwer, zähmet söýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiz ähli ukyp başarnyklaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagş etmelidir’’ diýip ýaşlarymyza uly ynam bildirýär.Ýaşlarymyzyň döwrebap ylym bilim almagy hünär eýesi bolmagy, zähmeti çekmegi zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Hut şonuň üçinde okamak, işlemek, döretmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýän ýurduň ýaşlarynyň ynamly maksatlary, uly döredijilik gözlegleri şowludyr. Biz ýaşlar hem ,,Türkmenistanyň Prezidentimiziň ýurdymyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmyş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan ugur alyp Türkmenistanda bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we arhiw ulgamyny ösdürmekde, ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyny amala aşyrmakda ukyp başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.Gahryman Arkadagymyzyň ýurdymyzyň ertirki gününi ýaş nesliň ösüşli menzillere ýetirmegine berk bil baglap, biziň üçin giň şertleri döretmegi milli Liderimiziň öňden görüjilikli syýasatynyň barha dabaralanýandygynyň nyşanydyr.