Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň talyby
Akyýewa Güljahan

Hormatly arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynda talyp bolmak bagtyna miýesser bolanlygyma diýseň buýsanýaryn. Häzirki wagtda ata Watanym Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda ykdysady ösüşlerde bedew bady bilen öňe barýar. Şol ösüşlere öz saýlap alan ugrum boýunça goşant goşmaklygy özüm üçin ullakan bagt hasaplaýaryn. Onuň üçin kämil bilim almalydygyna düşünýärin. Şeýle bilime eýe bolmaklyga we kämil bilim bermeklige okuw jaýymyzyň tejribeli mugallymlary öz degerli bilim terbiýesini berýärler. Adamda, ylaýta-da talypda şeýle pursatlar bolýar, ýagny okuwlarymyzy özbaşdak okan pursatlarymyzda öz ugrymyzda düşünmeýän ýerlerimiz ýüze çykýar. Şeýle pursatlarda okuwdan başga wagtlary hem mugallymlarymyz öz kömek-ýardamlaryny aýamaýarlar. Okuwdan boş wagtlarymy çeper edebiýatlar bilen gyzyklanyp welaýat kitaphanalarynda, öz mekdebimiziň kitaphanalaryna gatnaýaryn. Çeper eserleri okamak meniň dünýägaraýşymy has-da artdyrýar. Şeýle ajaýyp zamanada hem-de tejribeli mugallymlaryň talyby bolmak diýseň guwandyryjydyr. Şonuň üçin şeýle ajaýyp zamanany döredip beren Hormatly Arkadagymyza çuň kalbymdan öz minnetdarlygymy bildirýärin.