Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze okuw ýyly bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli gutlady.

«Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly orun tutýan ajaýyp baýram ― Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2022-2023-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýramçylygyň ýokary ruhubelentlik döredip, ösüşleriň aýdyň ýolundan öňe barýan eziz Watanymyza söýgimizi has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belleýär.

— Dünýäniň dürli künjeklerinde Watanymyza, halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli ýaşlarymyz biziň milli guwanjymyzdyr. Siz belent watansöýüjilik duýgyňyz, tutanýerliligiňiz we erjelligiňiz bilen ylym-bilim dünýäsine çuňdan aralaşmalysyňyz. Asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçirilip, kämil derejä ýetirilen milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, watansöýüjilikde, tämiz ahlaklylykda, beden we ruhy taýdan sagdynlykda ýokary derejelere ýetmelisiňiz. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz — diýmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär.