2022-2023-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýändigi yglan edilýär!

TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTYNYŇ DAŞOGUZ AGROSENAGAT ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2022-2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.

2. Agronomçylyk.

3. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

4. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda).

5. Gidromeliorasiýa.

6. Weterinariýa.

7. Ýer ulanylyşy.

8. Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda).

9. Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy.

10. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwyň möhleti 2 ýyl.

Orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2022-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 13-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- bilim barada resminama (asyl nusgasy);

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

- 3x4 möçberde sekiz sany foto surat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

- okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

- şahsy pasportyny;

- harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen oba hojalyk insititutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Daşoguz ş.) 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 16-17-si, 19-y we 20-si günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: hünärler oba hojalygynyň mehanizasiýasy; gidromeliorasiýa; ýer ulanylyşy; maglumat ulgamlary (oba hojalygynda); oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy - matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler agronomçylyk; weterinariýa - biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler buhgalterçilik hasaba alnyşy; ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda); ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary - matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

Okuw dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikleri ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

- soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;

- “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Türkmen oba hojalyk insititutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Ýolçy köçesi, 370, tel.: 6-45-58.