Maslahat geçirildi.

TDP-niň Daşoguz welaýat we şäher komitetleriniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde Arkadagly Serdarymyzyň welaýatymyza amala aşyran toý saparynyň çäklerinde açylyp ulanmaga berlen desgalaryň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary bilen bolan duşuşygynyň ähmiýetini wagyz etmek bilen bagly maslahat geçirildi. Maslahatda Arkadagly Serdarymyzyň welaýatymyzda gurlup ulanylmaga berlen köp ugurly hassahanasy we onkologiýa merkezi barada gürrüňler edildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary bilen bolan duşuşygynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüňler edildi.Maslahatyň dowamynda çykyp geplänler Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler.