Sport-täze ýeňişlere badalga!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher geňeşiniň hem-de Türkmen oba-hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda 06.04.2022ý. güni “Sport-täze ýeňişlere badalga” atly tegelek stolyň başyndaky duşuşyk geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistan döwletimizde bedenterbiýe we sporta uly üns berilýär. “Hereketde bolýan adam – hemişe sagdyndyr” şygardan ugur alýan her bir raýatymyz öz janynyň saglygy ugrunda alada edýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan her bir ynsanyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin yzygider aladalar edilýär. Biziň ýurdumyzda aprel aýy sagdynlyk aýy bolmak bilen, bu aýda birnäçe sport bäsleşikleri geçirilýär. Şeýle-de sportyň ekologiýa görnüşi bolan welosiped ýörişleri, welosiped ýaryşlarynyň dürli görnüşleriniň geçirilmegi, Türkmenistan döwletimiziň sagdyn ýaşaýşyň, sagdyn ösüşiň watanydygyna şaýatlyk edýär. Welosiped sporty bilen meşgullanmak diýseň peýdaly bolup, onuň bilen meşgullanýan adamlaryň organizmi gowy ösýär, aýratyn-da olaryň aýak myşsalary berkeýär, ýüregi gowy işleýär, dem almasy kadalaşýar, nerw ulgamy berkeýär.

Welosiped sportyna gatnaşyjylar ýaşlary, jynsy we sport derejeleri (razrýadlary) boýunça toparlara bölünýärler. Sportsmenler şosse we kros ýaryşlarynda ýörite ýasalan ýaryş we ýol welosipedlerinde, trek ýaryşlarynda bolsa diňe ýaryş welosipedlerinde ýaryşyp bilýärler. Şosse ýaryşlary bir ýa-da birnäçe günlik bolýar. Bu ýaryşlarda sportsmenler şahsy ýa-da toparlaýyn birinjilik üçin ýaryşýarlar. Kros ýaryşlary beýikli-pesli ýerlerde dürli aralyklarda geçirilýär. Trek ýaryşynda sportsmenler 1 km-e ýa-da 2-3 aýlawa ýaryşyp bilýärler. Tandem welosipedlerinde (iki adam bolup sürülýän) sportsmenler 2 km-e çenli ýaryşýarlar. Erkek adamlar üçin 500 m aralykda welosipedi duran ýerinden öňe gidip çalt sürmek, 200 m we 500 m aralykda bolsa welosipedi badyna çalt sürmek boýunça ýaryşlar geçirilýär. Aýal-gyzlar üçin bolsa welosipedi badyna çalt sürmek boýunça 200 m aralyga ýaryşlar geçirilýär. Trekde ýaryşýan sportsmenleriň her biriniň bir sagatda geçen ýoluny hasaplamak ýa-da öňde baryjyny yzarlamak boýunça ýaryşlary dürli aralyklarda geçirilýär. Şeýle ýaryşlarda sportsmenler şahsy ýa-da toparlaýyn birinjilik ugrunda ýaryşýarlar. Trek ýaryşlarynda erkek adamlar we aýal-gyzlar aýratynlykda çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda guralýan welosipedli ýörişlere biziň mekdebimiziň talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşýarlar. Sportyň ekologiýa görnüşi hasaplanýan şeýle welosiped ýaryşlarynyň geçirilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmasyny döredýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher geňeşiniň hem-de Türkmen oba-hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnan “Sport-täze ýeňişlere badalga” atly tegelek stolyň başyndaky duşuşygynda hem şolar barada giňişleýin durulyp geçildi.

Duşuşyga gatnaşanlar ynsan saglygy üçin şeýle aladalary edýän hormatly Prezidentimize özleriniň minnetdarlyk duýgularyny beýan etdiler.

Türkmen oba-hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

mugallymy Döwletgeldi Weliýew.