Zeminiň- görki,zeminiň- durky gyzlar!

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde Ilkinji Zenanlar guramasy we talyp gyzlar bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli ,,Zeminiň- görki,zeminiň- durky gyzlar’’ atly şygar astynda talyp gyzlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Berkarar döwletiň Täze eýýamyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan çykýan her bir eseri hem bu babatda ýaşlar üçin ýol-ýörelge mekdebi bolup durýar.

Zenan – dörediji. Ol bahar paslyna meňzedilýär. Megerem, şonuň üçin bahar pasly pasyllaryň soltany hasaplanýan bolsa gerek. Ak saçly enelerimiziň, baýdak ýaly gelinlerimiziň, gülälek ýaly gyzlarymyzyň sarpasyny belentden tutup Halkara zenanlar gününiň ýaz paslynyň ilkinji günlerinde bellenilmegi hem munuň subutnamasy bolsa gerek. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen bu baýramçylyk mynasybetli nurana gelin-gyzlarymyza pul sowgatlarynyň we ter gül desseleriniň gowşurylmagy hem ýurdumyzda zenan mertebesiniň dabaralanýandygynyň nyşanydyr.

Ata Watanymyzyň häzirki ösüş döwründe amala aşyrylýan giň gerimli işlerde gazanylýan uly üstünliklerde zenanlarymyzyň saldamly goşandy bardyr. Olar jemgyýetimizde düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda kabul edilen maksatnamalarymyzyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döredijilikli we tutanýerli zähmet çekýärler. Bu gün zenanlarymyz ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly belent duýgulary terbiýelemekde, jemgyýetimiziň mizemez agzybirligini, jebisligini hem-de dost-doganlygyny berkitmekde nusgalyk görelde görkezýärler.

Okuw mekdebinde bahar baýramy mynasybetli talyp gyzlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde Hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren ,,Türkmeniň bereketli saçagy’’ atly kitabyndan ugur alnyp, milli naharymyz bolan unaş kesmek, käşir dogramak şeýle-de Ogulabat ejemiziň bize görkezen milli el işleri ýerine ýetirmek ýaly ugurlar boýunça bäsleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň biz mugallymlara ýaşlara edep-terbiýe bermekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin sagbolsunlar aýdýarys!

Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň Ilkinji Zenanlarguramasynyñ başlygy

N.Kakabaýewa