“Halkyň arkadagly zamanasy” ady bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde 2021-2022-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli “Halkyň arkadagly zamanasy” ady bilen ilkinji okuw sapagy geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, milli bilim ulgamynyň okuw-usuly binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden kararlary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde okuw-terbiýeçilik işleri barha ösdürilýär.

Okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy bilen orta hünär okuw mekdebimizde “Halkyň Arkadagly zamanasy” ady bilen ilkinji okuw sapagy mekdebiň tejribeli mugallymlarynyň gatnaşmagynda guramaçylykly ýokary derejede geçirildi. Okuw sapagynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen ýylda ösüp gelýän ýaş nesle Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde gazanylýan üstünlikleri, ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize, halkymyza, Hormatly Prezidentimize buýsanç, wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada giňişleýin gürrüňdeşlikler geçirildi.

Ýaşlaryň döredijilik zähmet çekmegi, halal ýaşamagy hem-de yhlasly okamagy üçin Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ahli mümkinçilikleri üçin Arkadag Prezidentimize çäksiz minnetdarlygymyzy aýdýarys.

Hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak bolsun, il ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Türkmen oba hojalyk instituytynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy

Y. Allabergenow