Welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda maslahat geçirildi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymrynyň, talyplarynyň hem-de TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň işgärleriniň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň ,,Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilmegi mynasybetli 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Maslahatda täze ýylyň ilkinji günleriniň zähmet üstünliklere beslenmegi, ýurdymyzyň täze rowaçlyklara sary ynamly gadamlary, Hormatly Prezidentimiz G.Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen asyrlara barabar amala aşyrylýan beýik işler barada gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň ,,Jan Watanym-Türkmenistan” goşgysy halkymyzy täze belen zähmet üstünliklere ganatlandyrdy.

Maslahata gatnaşyjylar Eziz Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.