2022-nji ýyl — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edildi!

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­myz öň­de goý­lan il-ýurt äh­mi­ýet­li be­ýik mak­sat­la­ra ta­rap ynam­ly ädim­le­ri äd­ýär. Hormatly Prezidentimiziň hal­ky­my­zyň aba­dan hem eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ba­bat­da ed­ýän ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de äh­li ugur­lar­da uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar..

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çir­ýän be­ýik iş­le­ri­niň esa­sy ug­ry hal­kyň dur­muş hal-ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak­ly­ga, Türk­me­nis­tan­da ýa­şa­ýan her bir ra­ýa­tyň Wa­ta­nyň ho­wan­dar­ly­gy­ny du­ýup, bag­ty­ýar, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­mak­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. Yn­ha, 2022-nji ýy­ly – «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» at­ly ýy­ly­my­zy ak ar­zuw­lar bi­len gar­şy al­dyk. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hal­ky­my­za uky­by­ny, ba­şar­ny­gy­ny we zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­ni dö­re­di­ji­lik­li ös­dür­mek bag­ty­ny ber­di. Göz­ba­şy asu­da dur­mu­şyň lez­ze­tin­den, päk zäh­me­tiň er­ka­na­ly­gyn­dan gaýd­ýan bu go­wu­ly­gyň ag­zy­bir hal­ky­my­zyň yk­ba­lyn­da we mil­le­tiň ta­ry­hyn­da aý­ra­tyn or­ny bar. «Halkyň Arkadagly za­ma­na­sy» at­ly ýy­ly­my­zy wasp edip, ýaş ne­sil­le­ri­mi­ze ylym-bi­lim öw­re­dip, bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de bi­ti­ril­ýän uly iş­le­ri, aja­ýyp dur­mu­şy­my­zy wasp edip, ak ýü­rek­den zäh­met çe­ke­ris. Goý, hormatly Prezidentimiziň sa­ýa­syn­da «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­myz­da eziz Di­ýa­ry­myz ösüş­ler­den-ösüş­le­re be­dew ba­dy bi­len ga­dam ur­sun! Şeý­le bag­ty­ýar gün­le­ri dö­re­den Gahryman Arkadagymyzyň ja­ny sag, tut­ýan tu­tum­la­ry ro­waç bol­sun!