Sagdyn ýaşaýyş jemgyýetiň pugta binýadydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünr okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Sagdyn ýaşaýyş - jemgyýetiň pugta binýadydyr” atly maslahaty geçirildi.

Maslahatda Milli Liderimiziň amala aşyrýan sagdyn – durmuş ýörelgesi hem – de onuň ähmiýeti barada giňişleýin wagyz edildi şeýle-de telekeçileriň iş ýerinde önümçilik masklaryny ýerine ýetirmekleri, olaryň iş ukybynyň has-da artmagyna oňyn täsir edýndigini aýratyn bellenip, hormatly Prezidentimiziň ýurdymyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda alyp barýan beýik işleri barada aýdyp, ýaşlary telekeçilige çekmegiň bu ugurda möhüm wezipeleriň biridigini nygtaldy.Şeýle-de Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlaryna oba hojalygy bilen bagly telekeçilik işini guramagyň giň mümkinçilikleri dogrusynda wagyz edildi.

Maslahatda, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň halkyň eşretli ýaşaýyş durmuşynyň, abadançylygynyň hemme tarapdan kämilligini üpjün etmekden ybaratdyr diýip bellenildi. Maslahatda Gümrük gullugynyň harby gullukçylary, agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar beýik şahsyýete şeýle uly sarpa-hormat goýmakda nusgalyk mekdebi bolan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.