Watanyň geljegi ýaşlar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda “Watanyň geljegi ýaşlar” atly maslahat geçirildi.


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda “Watanyň geljegi ýaşlar” atly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan ýaşlar syýasatynyň oňyn netijeleri dogrysynda buýsançly çykyş etdiler.
Çykyşlaryň dowamynda ýaşlaryň innowasion tehnologiýalarynyň, sanly elektron serişdeleriniň we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmagy, döwletiň jemgyýetçilik-medeni durmuşyna gatnaşmagyny işjeňleşdirmegi dogrusynda aýdylyp, ýaşlara maglumat we sanly tehnologiýalary özleşdirmäge, kompýuter we internet ulgamynda täze ylmy taglymatlary, tehnologik tejribeleri öwrenmäge, sanly tehnologiýa ulgamyndan we innowasion serişdelerden peýdalanmagyň ýokary medeniýeti terbiýelemegi barada giňişleýin durulyp geçildi.
Maslahatda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň önümçilik we tejribelikleriň ýolbaşçysy Döwran Alowow we talyp ýaşlar çykyň etdiler.
Maslahatyň ahyrynda geljekde özleriniň hususy işini guramaklygy maksad edinen ýaşlar ýurdumyzda Telekeçilikde döredýän diň şertler üçin Hormatly Prezidentimize uzak ömür jan saglyk arzuw etdiler.