“Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşaýjylary” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň giňeldilen mejlisinde öňde goýan wezipelerini, tabşyryklaryny durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni pugtalandyrmak, olaryň edepli-ekramly bolmagyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde geçirilen "Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşaýjylary" atly wagyz-nesihat duşuşygynyň

Duşyşygy başlamak bilen, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň direktory O. Şallyýew wagyz-nesihat ýygnagyny açyp, oňa gatnaşýan myhmanlar bilen tanyşdyrdy.
Soňra Daşoguz şäher PB-niň KÝÝIBB-niň gözegçisi Amanýazowa Maýa çykyş edip, her jemgyýetiň ahlak ýörelgesi raýatlaryň edep-ekramlylygy, watansöýüjiligi, maşgalanyň halallygy, ene-atanyň çagalarynyň, il-gününiň öňündäki borjy bilen kesgitlenýändigi, terbiýäniň düýp binýady, hemişe we her bir ýurtda, ilkinji nobatda maşgalada goýulýandygy, maşgalada goýulýan ilkinji kerpijiň çaganyň terbiýesinde esasy orny tutýandygy, türkmeniň aňyrdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýändigi, terbiýeçilik işi ululardan pähim-parasatlylygy talap etse, ýaşlary taplaýar we kämillik ýoluna atarýandygy, akyldarlaryň aýdyşy ýaly, islendik döwletli işi ýola salmak, amala aşyrmak we şol meselede üstünlik gazanmak üçin, ilkinji nobatda erk-ygtyýar, sabyrlylyk, tutanýerlilik häsiýetleriniň zerurdygy, ýadaman, ýaltanman şol ugurda göreşmelidigi, irginsiz zähmet çekmelidigi barada giňişleýin belläp, halkymyzyň baky bagtyýarlygy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.
Daşoguz welaýat kazyýetiniň wekili Orazowa Çynar öz çykyşynda Administratiw önümçilik hakynda Türkmenistanyň kanunynyň, şeýle hem Administratiw iş ýörediş kodeksiniň ähmiýeti, bikanun gurulýan gurluşyklar barada belläp geçdi. Soňra ol maşgalanyň berk bolmagy, terbiýe meselesinde, her bir çaga gezek gelende, onuň özüne mahsus bolan aýratynlyklaryna, onuň häsiýetine, islegine görä çemeleşmegiň zerurdygy, terbiýe meselesinde pederlerimiziň goýup giden ýörelgeleriniň hiç haçan zeperiniň ýetmeýändigi, iň bärkisi olaryň: "Terbiýe meselesinde ýalňyşlara ýer ýok" diýen kesgitlemesiniň eýýäm köp zat barada habar berýändigi, ahlak taýdan berk, ruhy taýdan belent maşgala, islendik döwletiň mizemez baýlygy, başynyň täjidigi, maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýetiniň diýseň uludygy, ol ýaşlara edep-terbiýe berip, ony durmuş ýoluna salýandygy, jemgyýet bilen ysnyşdyrýandygy, maşgalanyň hemişe onuň hemrasy bolup durýandygy, çagalarymyzy döwrebap nesil edip kemala getirmekde, biziň diňe bir şahsy bähbidimizi däl, döwletimiziň bähbidini hem göz öňünde tutmalydygy, şeýle hem Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gazanylan üstünlikler barada belläp, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
TAP-nyň Daşoguz welaýat komitetiniň bölüm müdiri Gurbanmedow Hudaýberdi> öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkymyzyň saglygy, iň esasy hem ýaşlaryň sagdyn bedenli kemala gelmegi babatynda giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen belledi. Hormatly Prezidentimiziň sportdaky ussatlygynyň ýaşlara görelde mekdebi bolup durýandygyny aýdyp, türkmen ýaşlarynyň sportdaky gazanýan üstünlikleriniň amala aşyrylýan işler bilen baglanyşyklydygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary sporta, sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, höweslendirmek boýunça anyk tabşyryklary bermegi netijesinde, bu ugurda alnyp barylýan işleriň has ýokary depginde ösdürilýändigini belläp geçdi we çykyşynyň ahyrynda il saglygy, halkyň asuda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtmak bilen sözüni jemledi.
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni Galpakow Nurýagda söz berildi. Ol öz çykyşynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşini täze derejelere, üstünliklere ýetirýän ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan işleri halkymyza bagtyýar durmuşy eçilýändigini, her gün täzelikler, şanly wakalar bilen taryh ýazýan we belent sepgitlere ýetýän döwletimiz durmuşyň, ýaşaýyşyň ähli ugurlarynda agzybir halkymyz hakdaky aladany ileri tutýandygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ykdysady ösüşleri bilen deň derejede kanunçylyk namalarynyň döwrebap we halkara derejelerinde kämil bolýandygyny nygtady. Ýurdumyzda sagdyn durmuşy ornaşdyrmakda, halkymyzyň bagtyýarlykda ýaşamagy üçin Arkadag Prezidentimiziň täze başlangyçlary öňe sürýändigi, munuň özi her bir işiň oňyn çözülmegine we täzeçillige alyp barýandygy barada gürrüň berdi. Şeýle-de, ýurdumyzda Ýaşlar baradaky Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň üstünlikli hereket edýändigini, ýaşlar baradaky syýasatyň hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplanylýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýaşlar barada edilýän uly tagallalar, ýaş nesilleriň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döredilýän şertler barada giňişleýin durup geçmek bilen, ýaşlaryň tertip–düzgüni dogrusynda giňişleýin çykyş edip, olary ata Watanymyzy söýmäge, oňa wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmäge, geljekde ýokary bilim alyp, işine ussat hünärmenler bolup ýetişip, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda halal we yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ykdysadyýetiň köpugurly ýoly bilen ösmegine özleriniň şahsy goşandyny goşmaga çagyrdy.
Daşoguz şäheriniň 1-nji SÖ-niň maşgala lukmany Ýuldaşew Bahtiýar öz çykyşynda Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzda höküm sürýän asuda, abadan durmuşda her bir raýatyň eşreti zamanada bagtyýarlykda ýaşaýandygyny nygtap, her bir pursatda halkynyň aladasy bilen ýaşaýan hormatly Prezidentimiziň geljekde ýurdumyzy dolandyrjak ýaş nesillerimiziň halallyga uýýan, mert-merdana, il halkyny söýýän, watansöýüji, ylym-bilim taýdan ýüküniň ýetik, milliligimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza guwanýan we buýsanýan ruhdaky ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegiň biziň öňümizde mukaddes borç bolup durýandygyny giňişleýin wagyz etdi. Ýaşlaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklary, olaryň ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden dogry we doly peýdalanyp, geljekde ynsanperwer, Watana, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolmalydyklary barada gürrüň etdi. Ol ýaşlaryň arasynda gabat gelýän hukuk bozulmalar barada hem belläp, bu işde wagyz-nesihat işleriniň täsirliligini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny aýtdy.
"Türkmenistan" ÝBSG-niň Daşoguz welaýaty boýunça hünärmeni Paltaýewa Bibä söz berildi. Ol öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu günki gün ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, hünär öwrenmekleri, ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, çünki watansöýüji, ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň baş wezipeleriniň biridigini belläp, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini belledi. Ol Arkadag Prezidentimiziň ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, sowatly bolup ýetişmekleri bilen bir hatarda, olaryň watançylyk duýgusynyň ýokary bolmagyny gazanmagyň möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, eziz Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, ýurdumyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuwlap, çykyşyny jemledi.
Agrosenagat işgärleriniň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy Haljanowa Gülruh çykyş edip, Arkadag Prezidentimziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek babatda ähli şertleriň, olaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, Gahryman Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine has ygrarly we ony wagyz ediji bolmak bilen, bu babatda halkymyza, aýratynda ýaşlara görelde görkezýändigi, "Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň" kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biridigi, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiz aýratyn hem ýaş nesliň sagdyn ruhly, sagdyn bedenli bolmagy, sagdyn ösüp kemala gelmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi barada giňişleýin gürrüň berdi.
Ýygnagy alyp baryjy ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmaklary, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli mirasymyza sarpa goýmalydyklary, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň wesýetlerine eýerip, döwrümize mynasyp ýaşlaryň biri bolup ýetişmelidikleri barada aýdyp, Arkadag Prezidentimiziň tutumly işleriniň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegini arzuwlap, wagyz-nesihat çäresini jemledi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

mugallymy: Gadam Kazakow