“Ýollaryň abadanlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berlen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly şygar esasynda geçirilýän bir aýlygyň çäklerinde “Ýollaryň abadanlygy–ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy. .

2021-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň, Daşoguz welaýat polisiýa müdirliginiň Ýol gözegçilik gullugynyň wagyz- nesihat bölüminiň gözegçisiniň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň gatnaşmagynda, Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berlen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly sygar esasynda geçirilýän bir aýlygyň çäklerinde “Ýollaryň abadanlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Daşoguz welaýat polisiýa müdirliginiň Ýol gözegçilik gullugynyň wagyz-nesihat bölüminiň gözegçisi çykyş edip ilki bilen maslahata gatnaşyjylary şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy bilen mähirli gutlap Milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdy. Soňra Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berlen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly sygar esasynda geçirilýän bir aýlygyň çäklerinde Ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin çykyş etdi. Ol ýol hereketiniň kadalarynyň, düzgün-tertipleriniň berk berjaý edilmegi hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky uly aladalaryndan göz baş alýan möhüm çäredigini aýratyn belläp duşuşyga gatnaşyjylar ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünleri bilen tanyşdyrdy. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Daşoguz welaýat polisiýa müdirliginiň Ýol gözegçilik gullugy tarapyndan taýýarlanan Ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalary baradaky şekilli görnüşlere tomaşa etdiler. Duşuşykda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Önümçilik Tejribeliginiň ýolbaşçysy Döwran Alawow, TSTP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary Maksud Töraýew, partiýa guramaçy Bekmyrat Piriýew dagylar çykyş edip olar Hormatly Prezidentimiziň döwletimizi ösdürmekde amal edýän beýik işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Duşuşygyň ahyrynda adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy: Gadam Kazakow .