Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde Daşoguz şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň epidemiolog lukmanynyň, Daşoguz şäher Polisiýa bölüminiň Ýol gözegçiligi gullugynyň we mekdebiň talyp ýaşlarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy bolup geçdi.

Duşuşyga Daşoguz şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň epidemiolog lukmany Annamämedow Palta, Daşoguz şäher Polisiýa bölüminiň Ýol gözegçiligi gullugynyň uly gözegçisi, Polisiýanyň maýory Akmyrat Mosanow dagy gatnaşdylar.

Olar talyplara ýokançly kesellere garşy göreşmek we onuň öňüni almak hem-de häzirki wagtda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän çäreleriň çäklerinde talyplara ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek barada giňişleýin täsirli gürrüňleri,düşündiriş işlerini geçirdiler.

Duşuşyk çäresinde talyplar myhmanlaryň eden çykyşlaryny ünsli diňlediler.

D.Weliýew. Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy