Kompýuter tehnologiýalary dersleri usuly birleşmesi

1

Orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasy 2024

Kompýuter tehnologiýalary dersleri usuly birleşmesi

Kompýuter tehnologiýasy dersleri usuly birleşmäniň düzüminde dört sany mugallym işläp, usuly birleşmä degişli 103-nji, 110-njy we 111-nji otaglary okatmagyň häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen döwrebap abzallaşdyrylan. Otaglarda 25 sany kompýuterler bolup, talyplar tejribe sapaklarda geçilen temalary özbaşdak ýerine ýetirmäge mümkinçilik bar.

Usuly birleşme Maglumat ulgamlary hünäri boýunça okuwlary okatmak bilen “Inžener programmasy” käri berilýän orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýar.

Geljekki hünärmenler kompýuterleri peýdalanmagyň usullaryny we ýollaryny bilmelidirler. Usuly birleşmeniň mugallymlary ähli hünärlerde “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” dersini okadýarlar. Talyplar kompýuterleşdirilen edaralarda işiň gurnalyşy ýagdaýyna anyk baha bermegi, soňra onuň netijeleri boýunça esaslandyrylan dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi, geljege gönükdirilen, netijeli çözgütleri kabul etmek bilen baglanyşykly näbelliligi peseltmegi, kompýuterleri ulanmaklygyň maksadalaýyklygyny, Windows OU-ny doly öwrenmekligi, kompýuterlerde programma üpjünçiligini dolandyrmaklygy, kompýuter ulgamyndaky näsazlyklary düzetmegi, maglumatlary goramaklygy başarmalydyrlar.

Usuly birleşmede öz kärine ussat, halypa mugallymlar talyplara döwrebap bilim bermek bilen bilelikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalary we okuw kitaplaryny yzygiderli taýýarlaýarlar. Şeýle hem mekdebimiziň talyplary ylymly-bilimli we okuwdan daşgary hem dünýä täzelikleri bilen gyzyklanýan höwesjeň ýaşlar okaýarlar. Olar gazet-žurnallarda yzygider çykyş edýärler. Talyplar Döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde “Matematika” we “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” derslerden gatnaşýarlar we yzygiderli baýrakly orunlara eýe bolýarlar hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hormat hatlara mynasyp boldular.