Jemgyýeti öwreniş dersleri usuly birleşmesi

1

Orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasy 2024

Jemgyýeti öwreniş dersleri usuly birleşmesi

Usuly birleşmäniň düzüminde bäş sany mugallym işläp, usuly birleşmä degişli okuw otaglary okatmagyň häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen döwrebap abzallaşdyrylan.

Usuly birleşme mekdebimiziň ähli hünärleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary, Türkmenistanyň taryhy, Jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Häzirki zaman türkmen jemgyýeti derslerden okuwlary geçýär. Talyplara we bu ders bilen gyzyklanýanlara hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşini we özgerişini, Berkarar döwlet gurmagyň taryhy tejribesini döwletimiziň gurluşyny, raýatlaryň we adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwlet häkimiýetiniň bölünişini, dolandyryş hukugynyň we jogapkärçiliginiň, raýat hukugy barada düşünjäni we beýleki hukuk pudaklarynyň esaslaryny, jemgyýetçilik ylymlary bilen arabaglanyşyklylykda talyplarda hünärine bolan çuňňur düşünjeleri kemala getirmäge niýetlenendir. Onda türkmen halkynyň şanly we şöhratly taryhy talyp ýaşlara bitewileşdirilip öwretmekden, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly däplerine wepalylyk, ruhubelentlik, halallyk, pespällilik ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Şeýle-de ýaş nesillerimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mynasyp raýatlary bolup ýetişmeklerine, olarda Watana, halka wepalylygy terbiýelemeklik özüniň aýdyň beýanyny tapýar. öwretmeklik, bolup durýar.

Usuly birleşmede öz kärine ussat, halypa mugallymlar talyplara döwrebap bilim bermek bilen birlikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalaryny yzygiderli taýýarlaýarlar. döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary, Türkmenistanyň Taryhy derslerinden yzygiderli gatnaşyp baýrakly orunlara eýe bolup gelýärler hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hormat hatlara mynasyp boldylar.