Gidromeliorasiýa dersleri usuly birleşmesi

1

Orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasy 2024

Gidromeliorasiýa dersleri usuly birleşmesi

Usuly birleşmäniň düzüminde Gidromeliorasiýa we Ýer ulanylyşy hünärleri boýunça orta hünär bilimli hünärmenler taýýarlanylýar.

Mekdebiň okuw otaglarynda döredilen amatlyklardan peýdalanyp, mugallymlar özleriniň geçirýän her bir okuw sapagyny proýektorlar arkaly Türkmenistanda ýerleriň meliorasiýasyna, şol sanda ekin meýdanlarynyň suwarylmagyna, öri meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegine we beýleki gidrotehniki desgalaryň — suw howdanlarynyň, bentleriň, suw galdyryjy beketleriň gurulmagyna, şeýle hem tokaý gorag zolagynyň döredilmegine, suw serişdelerini tygşytlaýan, topragyň önümliligini ýokarlandyrýan öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna,ýurdumyzda suw hojalygyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk önümleriniň käbir görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde az duzlaşan zeýkeş suwlaryny gaýtadan peýdalanmak maksady bilen lagym suwlaryny arassalamagyň tehnologiýasynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Şeýle-de Döwlet ýer kadastryny ýöretmek, suwarymly, we täze özleşdirilýän ýerleri kartalaşdyrmak, ýer serişdeleri we olaryň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň kompýuterleşdirilen ýeke-täk ulgamyny döretmek hem alyp barmak hem-de olary sanly ulgama birleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Usuly birleşmede öz kärine ussat mugallymlar talyplara döwrebap bilim bermek bilen birlikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalary we okuw kitaplaryny yzygiderli taýýarlaýarlar.