Maldarçylyk we weterinar lukmançylygy dersleri usuly birleşmesi

1

Orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasy 2024

Maldarçylyk we weterinar lukmançylygy dersleri usuly birleşmesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda döwrebap bilim, terbiýe gurşawyny şertlendirýän, dünýäniň ösen döwletleriniň ülüňlerine laýyk getirilen, barha ösýän, ýokary hilli bilim ulgamyny kämilleşdirýär. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamynyň bilimiň dürli basgançaklarynda okuw işine ykjam ornaşdyrylmagy bilen okatmagyň täze usullaryny we ösen tehnologiýalaryny ulanmak ýaş nesle hünäre ugrukdyrylan bilim bermek, olary şahsy we jemgyýetçilik durmuşyna taýýarlamagyň depginini ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Usuly birleşmäniň düzüminde dört sany mugallym işläp, usuly birleşmä degişli okuw otaglary okatmagyň häzirkizaman enjamlar bilen döwrebap abzallaşdyrylan.

Usuly birleşme Weterinariýa hünäri boýunça okuwlary okatmak bilen “Weterinar feldşeri” käri berilýän orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýar.

Usuly birleşmede Oba hojalyk mallarynyň anatomiýasy we fiziologiýasy, Oba hojalyk mallarynyň patologiki anatomiýasy we patologiki fiziologiýasy, Kliniki diagnostika, Epizootologiýa, Parazitologiýa, Içki ýokanç däl keselleri, Weterinar akuşerçiligi we emeli tohumlandyrmak ýaly talyplaryň öz hünärlerine degişli bolan dersler okadylyp, bu derslerde talyplar mallaryň anatomik gurluş aýratynlyklaryny we mallaryň maslyklaryny açyp öwrenmekligi, oba hojalyk mallaryny emeli tohumlandyrmaklygy, hirurgiýa, weterinar akuşerçilik we ginekologiýa kesellerini, ýokanç we ýokanç däl keselleri anyklamaklygy, bejermekligi we öňüni alyş çärelerini meýilleşdirmegi barada düşünjelere eýe bolýarlar.

Usuly birleşmede öz kärine ussat mugallymlar talyplara döwrebap bilim bermek bilen birlikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalary we okuw gollanmalaryny hem-de kitaplaryny döwrüň talabyna laýyk yzygider taýýarlaýarlar.

Weterinariýa hünärinde ylymly-bilimli we okuwdan daşary hem dünýä täzelikleri bilen gyzyklanýan höwesek ýaşlar okaýarlar hem-de olar gazetlerdir-žurnallarda yzygider çykyş edýärler. Şeýle-de olar mekdebiň içinde geçirilýän çeper edebiýatlar boýunça, Watany, Hormatly Arkadagymyzy wasp edýän goşgylary goşmak boýunça ýaryşlara gatnaşyp baýrakly orunlary eýeleýärler.

Usuly birleşmäniň mugallymlarynyň çapa taýýarlan makalalarynyň gazet-žurnallarda çap edilmegi, usuly birleşmäniň mugallymlarynyň mawy ekrandaky yzygider çykyşlary, usuly birleşmäniň mugallymy N.Kakabaýewyň “Weterinar gemotologiýasy” atly okuw kitabynyň üstünde işläp, ony çapa hödürlemek üçin taýýarlaýanlygy, usuly birleşmede zehinli mugallymlaryň işleýändigine şaýatlyk edýär.