Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek dersleri usuly birleşmesi

1

Orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasy 2024

Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek dersleri usuly birleşmesi

Usuly birleşmäniň düzüminde üç sany mugallym işläp, usuly birleşmä degişli okuw otaglary okatmagyň häzirkizaman tehniki serişdeleri bilen döwrebap abzallaşdyrylan.

Usuly birleşme Oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünäri boýunça okuwlary okatmak bilen “Tehnik-mehanik” käri berilýän orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýar.

Usuly birleşmede Oba hojalyk maşynlary, Traktorlar we awtomobiller, Melioratiw maşynlar, Maşynlaryň ygtybarlygy we abatlanyşy, Maşyn-traktor parkynyň ulanylyşy, Ýangyç we çalgy ýaglary ýaly talyplaryň öz hünärlerine degişli bolan dersler okadylyp, bu derslerde talyplar ýurdumyza getirilýän oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän dünýä belli «CASE», «JOHN DEERE», «KOMATSU», «CATТERPILLER» we «СLAAS» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli häzirkizaman tehnikalarynyň gurluşyny, işleýşini, olara tehniki hyzmat edilişini, olarda ulanylmaly ýangyç we ýaglaýyş serişdeleri tygşytly hem-de ýerlikli peýdalanmak barada giňişleýin düşünjelere eýe bolýarlar.

Usuly birleşmede öz kärine ussat mugallymlar talyplara döwrebap bilim bermek bilen birlikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalary we okuw kitaplaryny yzygiderli taýýarlaýarlar.

Oba hojalygynyň mehanizasiýasy hünärinde ylymly-bilimli we okuwdan daşary hem dünýä täzelikleri bilen gyzyklanýan höwesek ýaşlar okaýarlar hem-de olar gazetlerdir-žurnallarda yzygider çykyş edýärler. Şeýle-de olar mekdebiň içinde geçirilýän çeper edebiýatlar boýunça, Watany, Hormatly Arkadagymyzy wasp edýän goşgylary goşmak boýunça ýaryşlara gatnaşyp baýrakly orunlary eýeleýärler.

Usuly birleşmäniň mugallymy D.Weliýewiň çapa taýýarlan “Materiallaryň tehnologiýasy” dersiniň okuw kitabynyň 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan çapdan çykmagy geçirilýän okuw işleriniň ýokary derejede, halkara ülňülerine laýyk gurnalýandygyna şaýatlyk edýär.

Usuly birleşmäniň mugallymlarynyň çapa taýýarlan makalalarynyň gazet-žurnallarda çap edilmegi, usuly birleşmäniň mugallymlarynyň mawy ekrandaky yzygider çykyşlary, usuly birleşmäniň mugallymy N.Myradowyň “Önümçiligiň elektrik enjamlary” atly okuw kitabynyň üstünde işläp, ony çapa hödürlemek üçin taýýarlaýanlygy, usuly birleşmede zehinli mugallymlaryň işleýändigine şaýatlyk edýär.