Ösümlikleri goramak we topragy öwreniş dersleri usuly birleşmesi

1

Orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasy 2024

Ösümlikleri goramak we topragy öwreniş dersleri usuly birleşmesi

Usuly birleşmäniň düzüminde dört sany mugallym işläp, usuly birleşmä degişli okuw otaglary okatmagyň häzirkizaman tehniki serişdeleri bilen döwrebap abzallaşdyrylan.Otagda oba hojalyk ekinleriniň birnäçe görnüşleriniň tohumlary,haşal otlaryň gerbarileri,Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň asyl nusgalary talyplara degişlilikde sapaklarda öwretmek üçin abzallaşdyrylan, derslere degişli 150-den gowrak temalar bilen baglanşykly asmaçlar ulanylýar.

Usuly birleşme Agronomçylyk we Ösümlikleri goramak hünäri boýunça okuwlary okatmak bilen “Ekerançy agronom” hem-de ,,Agronom entomolog” kärleri berilýän orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýar.

Usuly birleşmede Oba hojalyk ekinleriniň häzirki zaman innowasion tehnologiýalary esasynda ösdürip ýetişdirmegi, geçirilýän agrotehniki işleri sanly ulgamda dolandyrmagy,ekinleriň zyýankeşlerine, kesellerine garşy göreş çäreleriniň geçirmegiň usullaryny, gowaçanyň, däneli ekinleriň, gök ekinleriň, miweli baglaryň, ösdürilip ýetişdirilişi barada giňişleýin düşünjelere eýe bolýar.Usuly birleşmede "Ekologiýa we daşky gurşawy goramagyň" esasy ugurlary barada maglumatlar berlip, bu işler mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplar bilen mekdebiň okuw tejribelik meýdançasynda pürli, saýaly, miweli agaçlaryň her ýyl ýüzlerçesi oturdylýar, şonuň bilen birlikde mekdebiň ekin meýdançalarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ekin dolanşyklaryny dogry geçirmek üçin pürli we miweli agaçlaryň aralyklaryna ýorunja, dary, ýazlyk bugdaý ýaly peýdaly ekinleri yzygider ekilýär. Usuly birleşmede öz kärine ussat, halypa mugallymlar talyplara döwrebap bilim bermek bilen birlikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalary we okuw kitaplaryny yzygiderli taýýarlaýarlar.

Agronomçylyk, Ösümlikleri goramak hünärlerinde ylymly-bilimli we okuwdan daşary hem dünýä täzelikleri bilen gyzyklanýan höwesek ýaşlar okaýarlar hem-de olar gazetlerdir-žurnallarda yzygider çykyş edýärler. Şeýle-de olar mekdebiň içinde geçirilýän çeper edebiýatlar boýunça, Watany, Hormatly Arkadagymyzy wasp edýän goşgylary goşmak boýunça ýaryşlara gatnaşyp baýrakly orunlary eýeleýärler. Talyplar Döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde "Agronomçylygyň esaslary" dersinden yzygiderli baýrakly orunlara eýe bolup gelýärler hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hormat hatlara mynasyp boldylar.